|
Watansöýerler
Partiýasynyň
Programmasy
Birinji Bölüm
Häzirki Gurulşyk
Häzirki Ministerlikler bilen çözülmesi, düzedilmesi ýa da täzeden
gözden geçirilmesi zerur bolan meseleler Watansöýerler Partiýasynyň
Programmasy garaýyşynda;
1. Garaşsyzlyk we Azatlyk,
2. Jan we mal ynamy,
3. İş,
4. Ýaşaýyş,
5. Saglyk we Derman,
6. Durmuş we iş ýagdaýlaryny artdyrmak,
7. Ylym we bilim,
8. Medeniýet we Turizm,
9. Sport ýaly meseleler bilen ele alynandyr.
Garaşsyzlyk we Azatlyklar
Madda 1.
Türk Watansöýerleri, Mustafa Kemal ATATÜRK’üň çagalary
höküminde, ýurduň içinde Milletçi, Döwletçi, Halkçy,
Dünýewi, Respublikan, Reforumjy, Merkezji, Demokratik we Döwrebap
Kanunlara eýe häkimiýet düşünjesi bolan Halk Döwletiniň
syýasatyny goraýar. Ýurduň daşynda bolsa, Türk
Milletiniň adyndan Milli bir görüniş sergilemek pikrindedir. Bu
ýagdaýy ýüze çykarmak üçin bolsa, hemme
tarapdan kemsiz Garaşsyz we Azat bolmak gerekdir.
1.1. Halkyň bähbidine, Döwletiň birligine we bütinligine,
Respublikanyň esasy gymmatlyklaryna eýe çykan syýasat,
Türkiýe Beýik Millet Mejlisinde häkim bolmaly. Muny
ýüze çykarmak üçin; Türk Milletiniň ätiýaçlary
üçin alynan kararlaryň daşyndaky hemme kararlar täzeden düzedilmeli.
Beýik Türk adalatynyň wagtyň geçmegine sezewar
bolmazdan öň hemme häkimiýetlere berkidilmesi üçin
ellenmezlikler ýok edilmeli.
1.2. Hemme Ministerliklerde barlag sistemasy täzeden gözden geçirilmeli,
öňki edilen bidüzgünçilikler bilen bir hatarda hemme eden-etdilikleriň
üsti açylmaly. “Ýokary barlag” komissiýasy döredilmeli.
Bu komissiýa şol bir wagtyň özünde geçmişde ýurduň
bähbitlerine ters hususylaşdyrylan gurulyşlary täzeden düzmeli.
Gurulan wagtyndan soň bolsa, gerek bolan ýagdaýynda
hususylaşdyrmalar hem Türkiýe Respublikasynyň bähbitlerini
göz öňünde tutmaly. Bu ýol bilen goralan Döwlet hazynasy,
Türk Milleti üçin peýdaly zatlarda ulanylmaly. Ministerlikleriň
aşagyndaky guramaçy shemasy üýtgedilmeli. Bütin ýokary
häkimiýet sistemasy, Din işleri Ministerligi bilen etraplaryň
we şäherleriň dolandyryjylary, olaryň işleri täzeden düzedilmelidir.
1.3. Hemme Döwlet edaraly programma bilen tijenmeli we täzeden
düzülmeli. Her Ministerligiň öz içinde “Baş Müdür”
ýa da “Edara Başlyklary” ýaly adamlara söz geçirip
biljek kişiler bellenilmeli. Döwletiň dürli ýerlerinde işe
alynşyk we wagtyň geçmegi bilen şert bolan keseki dil synagy aýrylmaly.
1.4. Metbugatyň garaşsyzlyk we azatlygynyň öňündäki
böwetlerden biri bolan senagat we söwda bilen baglanşykly bolan
maldarlar tarapyndan satyn alynmagy, ikinjisi bolsa syýsy erkiň
basgysynda bolmagydyr. Bu sebäp bilen metugaty bu meselelerde gorap
biljek kararlar alynmaly. Köp ünsi özüne çeken metbugat we
telewidenya gurulyşlarynyň satyşlarynda ilki bilen Milli bähbitleriň
göz öňünde tutulyp tutulmaýandygy barlanmaly. Sebäbi
metbugat Demoktratik halklaryň ýol görkeziji güýçleriniň
biridir.
1.5. Metbugatyň öz içinde barlag komissiýasy döredilmeli.
Nädogry habarlar görkezilen we metbugatyň güýji erbet
ýolda ulanylan halatynda –Türkiýe Respublikasynyň
Milli bähbitlerine, Milli halk kastediji, pul ýa da bähbit üçin
berilen biderek habarlar bilen bir hatarda şahsy we topar bähbitleri
üçin ulanylan, halky bilgeşleýinlikden ýalňyş
tarapa ugrukdyrylmasy w.ş.m halatynda, bu ýagdaýyň
kanuny düzedişler bilen öňi alynmalydyr.
1.6. Metbugat işgärleriniň adam ýalak ýaşaýyşa
eýe bolmalary, köpçüligiň azat habar alma haky bilen
birlikde garalmalydyr. Bu sebäp bilen hem iş şertleri düzedilmeli we
şoňa göräde aýlyk berilmelidir. Habar çeşmeleri we
televidenýa eýeleri garşysynda metbugat işgärleriniň
azat kişiliginiň goralmagy gerekdir. Demoktratik jemgiýetiň
gurama jemgiýeti bolandygy sebäpli metbugat işgärleriniň
guramalaşmagynyň öňündäki bütin böwetler aýrylmaly
we işgärleriň işlerinde birleşmegi üçin gerek bolan ýagdaýlar
döredilmeli.
1.7. Telewideniýe Karty eýeleri, metbugatda iň
az bäş ýyl işlän 25 metbugat işgärleriniň birleşip,
bir metbugat gurluşygy gurmak islän halatynda döwlet bu gurluşyga
pul tarapdan kömek etmelidir. Ýöne bu guruljak metbugat
politikasy Türkiýe Respublikasynyň Milli bähbitlerine we
Milli barlygyna ters hereket etmeli däldir.
1.8. İslegli habarçylaryň habarlaryny pul talap etmezden
berip biläýjekleri we fundamenti döwlet tarapyndan taýýarlanan
bir habar merkezi döredilmeli. Bu täze döredilen merkez hem habarlary
bütin Anadoly metbugat jaýlaryna mugt paýlamaly. Şeýlelikde
habarlar umumylaşdyrylmaly we syýasy ýa da finans taýdan
uzaklaşdyrylmaly. Ýöne bu guruljak metbugat politikasy Türkiýe
Respublikasynyň Milli bähbitlerine we Milli barlygyna ters hereket
etmeli däldir.
1.9. Milli Goranmak Ministerliginiň ady “Türk Söweş
Miniteri” bolmaly we;
1.9.1. Türk Milletine ters bolan ekonomiki hereketleri barlamak
we pikir bildirmek.
1.9.2. Türk Milletine ters bolan syýasy hereketleri
barlamak we pikir bildirmek.
1.9.3. Türk Milletine ters bolan medeniýetiň we
bilmiň sezewar bolup biläýjegi hereketleri barlamak we
pikir bildirmek.
1.9.4. Türk Ýaragly Güýçleriniň syýasy
ganatyny döretmek –Şu wagtky Milli Goranmak Ministerliginiň işi-
işlerini ýerine getirmeli we ÝB, ABŞ w.ş.m basyp alyjy
daş güýçleriň Türklere garşy eden etdilikleriniň
öňü alynmaly we ýitirilen frontlar yzyna alynandan soň
ady ýene “Türk Goranmak Ministerligi” diýilip
üýtgedilmeli.
1.10. Türk Döwletleri bilen harby tarapdan gatnaşykda bolmaly,
ortak ýollar bilen ýörelmeli.
1.11. Türk Döwletleri bilen bilelikde harby senagaty döredilmeli.
1.12. Her Türk Döwletinde azyndan 1 sany 5-nji mertebe düzediş
merkezi açylmaly. Bu ugurda Türk Ýaragly Güýçleri
mysal alynmalydyr.
1.13. Harby mekdeplerimizde her Türk Döwletinden ekonomiýamyzyň
we Türk Ýaragly Güýçleriniň bilim programmasynyň
san taýdan kabul edip biläýjegi köp okuwçy okadylmaly.
Türk Döwletlerinde de hususy harby mekdepler açylmaly. Munuň özi
Türk Döwletleriniň ýakynlaşmagyna, birek birege düşnüşmegine,
bir bedeniň bölekleridigini belmegine, harby ugurdan ylalaşmagyna
we bütin Türkleriň ýolbaşçysy bolan Mustafa Kemal ATATÜRK’üň
eserlerini we onuň her ugurdaky modellerini özlerine mysal hökmünde
almalary üçin uly goldaw berjekdir.
Jan we mal ynamy
Madda 2.
2.1. Häzirki zamanada ara bozar teror, ekonomiki sebäplerden
garaşsyz, bütinleý syýasydyr we niýetleri
ýurduñ bölünmegidir. Türkiýe topraklarynda Türklere
basyp alyjy diýip nädogry garaýarlar. Asyl niýetleri
bu bolsa hem, syýasy çözgüt iýdemek teroryñ peýdasyna
boljakdyr. Sebäbi harby güýç bilen bu işi ýerine
getirip bilmejeklerine düşünýän bu ara bozar güýç,
niýetlerini elde etmek üçin täze ýol hökmünde öñürti
syýasy göreşi saýladylar. Soñra bolsa welaýat
sistemasyna geçmek islärler. Mundan soñ hem garaşsyzlyklaryny yglan
etmäni planlaýarlar. Bu adamlaryñ niýetlerini bilip hem,
olaryñ pikirleriniñ öñüni almazlyk gönüden-göni Watana yhanatdyr.
Türkiýe Respublikasyna kast etmek niýeti bilen elleri
ýaragly daga çykan güýçler Türkiýe
Respublikasynyñ düşmanydyrlar. Olara öz saýlap alan ýollary
bilen jogap berilmelidir. Gysgaça aýtsak, ýarag bilen hüjüm
edenlere jogap harby goşundyr.
2.1.1. P.K.K dolandyrjylygy, ÝB baş sekretarlygy ýaly
keseki çeşmeli, Döwletiñ bähbidine ters işlýän sistemalar
ýok edilmelidir.
2.1.2. Türkiýe Respublikasynyñ asyl gymmatlyklaryny,
Milli birlik we bütinligni has da ösdürmek üçin teroryñ öñi
alynmaly. Bu göreş üçin sarp edilen gymmatlyklar Türkiýe
Respublikasynyñ ekonomiýasyna geçirilmelidir.
2.2. Türk milisýalarynyñ öñünde böwet bolup duran
kanunlar we kesekä bagly kararlar täzeden seredilmeli. Türk milisýalary
arkaýyn hereket etmeli.
2.3. Ýörüte işleýän goraýjylar orta
mekdebi tamamlandan soñ ýene 8 aý okuw okamaly. Deñ
ýarysy halk işgäri halk işgäri mertebesinde ýörüte
pasporty bolmaly we pasportlary Türk harby güýçlerinde bolşy
ýaly ele alynmaly.
2.4. Türk harby güýçleri Türk Döwletleri bilen okuwçy,
ylym we bilim aragatnaşygynda bolmaly. Öñden bellenen wagtlarda işgärler
birek-birek bilen çalyşyrylyp işledilmeli.
İş
Madda 3.
“Arkadaşlar täze döwletimiziñ, täze hökümetimiziñ bütin
program düzme esaslary ekonomiýa programmasyndan geçmelidir.
Sebäbi hemme zat şonuñ içinde gizlenendir. Bu sebäp bilen hem çagalarymyza
şol ugurda ylym we medeniýet ögretmelidiris. Goý olar söwda,
oba-hojalyk we medeniýet dünýäsinde we bularyñ işlerinde
peýdaly adamlar bolup ýetişsinler. Bu sebäp bilen hem
okuw programmasy we Döwlet edaralary üçin düzülen programmalar
ekonomiýa programmasyna görä düzülmelidir. Belli bir
programma bilen bütin halky tertipli işletmek gerekdir.”
Mustafa Kemal ATATÜRK (1923 İzmir Ykdysadiýet Kongresi.)
Ekonomiýnyñ bir döwlet üçin iñ esasy zatdygyny we ekonomiýada
hemme taraplaýyn garaşsyzlygy elde edip bolmasa, milletler hem
garaşsyz bolup bilmez. Mustafa Kemal ATATÜRK’üñ görkezişi
ýaly, bütin programmamyzy ekonomiýa programmasyna
bagladyk. Ekonomiýa programmamyzy hem Mustafa Kemal ATATÜRK’üñ
aýdyşy ýaly düzdük. Ýurduñ döwrebap, gün geçdikçe
ösýän we ekonomiýasynyñ kesekilere bagly bolmazlygy
üçin gerek bolan esasy şert; pikirleri bazar hökmündäki ýurtlary
öz koloniýasyna alan ýurtlaryñ bazarlaryna garşy eden-etdiliklerinden
daşlaşyp, Mustafa Kemal ATATÜRK’üñ garaşsyzlyk ýolunyñ
yzarlanmasy gerekdigini bilýäris.
Mustafa Kemal ATATÜRK’üñ Milletçilik düşünjesiniñ asly, Türk
Milletçiligidir we bütin syýasatlaryñ üstündedir. Bu düşünje
Watanyny söýen, aslyna bakman “Ne Mutlu Türküm Diyene” diýip
bilen, Watanyna ýürekden hyzmat eden hemmäni Türk kabul edeýän
düşünjedir. Bu döwrebap Milletçilik düşünjesi taryhda/häzirki
zamanada bolşy ýaly geljekde hem basyp alyjy güýçleriñ
öñünde duran iñ uly böwetdir. Bu sebäp bilen hem ekonomiýadan
başlap, bütin syýasy, harby, medeni we köpçülik düşünjelerinde
Mustafa Kemal ATATÜRK’üñ pikirlerini ýok etjek, Türkiýe
Respublikasyny aljak bolýandyrlar. Sebäbi bu pikirleriñ
bilinmegi, ýerine getirlmegi we beýleki Döwletlere mysal
bolmagy basyp alyjylaryñ esasy duşmanydyr. Çünki basyp alyjy güýçler
tarapyndan eklenen teror, Milli bolan hemme zady, Halkçy Döwletleriñ
ösmegini ol Döwleti soýmak üçin soýmagy has da kynlaşdyrýar
diýip pikir edýärler. Hem de Dünýäniñ çar
tarapyna ýaýran ýeke-täk Millet bolan Türk
Milleti teroristleriñ gelejekdäki duşmanydyr. Munuñ üstesine de
ýollary Mustafa Kemal ATATÜRK’üñ ýoly bolmagy olary
has da kyn ýagdaýad galdyrýandyr.
Türk Watansöýerleri hökmünde, bütin Milli baýlygy, aýratyn
hem Milli harakterli kiçi we orta senagata goldaw berip, Milli ekonomiýany
janlandyrmagy we bu ýagdaýda täze işler açylyp, işsizligi
azaltmagy göz öñünde tutýarys. Munuñ ýanynda asamlaryñ
işlejek ýerlerine görä ylym almalaryny goldap, işçileriñ
bilimini ösdürjekdiris.
“Biziñ üçin Döwletçiligiñ manysy şudur: Kişileriñ öz gaýratlary
we şahsy işleri esas tutulmaly. Ýöne uly Milletiñ we giñ
ýurduñ ätiýaçlaryny we köp zatlaryñ edilmedigini göz
öñünde tutup, ýurt ekonomiýasyny Döwletiñ eline
bermeli.”
“Usul hökmünde, Döwlet kişileriñ eline geçmeli däldir.
Ýöne kişiniñ bilimini artdyrmagy üçin umumy şertler göz
öñünde tutulmalydyr.”
“Zerur bolmadygy ýagdaýda beýlekilere garşmañ,
munuñ ýanynda hiç kim hem özbaşyna däldir.”
Mustafa Kemal ATATÜRK
Döwletçilik şahsy işleri godamaýar, ýöne Milli bähbitler
bilşen bir hatarda gysga, orta, uzyn wagtlaýyn planlara uýgun
bolan ekonomiýa gözegçilik etmelidir.
Globallaşma diýilýan aldawyñ arkasyndaky azgyn basyp
alyjy Döwletler zorlap alan ýurtlarynda öz hökümetlerini gurýarlar.
Käbir metbugat guramalaryny hem satyn alýarlar. Ýurtlaryñ
ýer üsti er ýer asty baýlyklaryny talaýarlar.
Ekonomiýany öz isleýişleri ýaly düzýärler
we gaty gysga wagtyñ içinde ýurtalary gullaşdyrýarlar.
Gynansak hem Türkiýäniñ ýagdaýy häzirlikçe şeýledir.
“Türkiýe Respublikasynyñ halkyny aýry-aýry böleklerden
düzülen däl-de, eýsem kişisel we sosýal iş paýlanşygy
ýoly bilen dürli işlere bölünen bir toplum hökmünde görmegimiz
biziñ ýolumyzdyr.”
Mustafa Kemal ATATÜRK
Hiç bir kynçylyga sezewar bolman, azatlyk bilen saýlama we saýlanma
hakyna eýe bolan adamlaryñ, öz işleri bilen baglanşykly
guramalaşmagynda hem deñ haklara eýe bolup, öz ekonomiki işlerinde
özi
için iñ gowusyny edýän halatynda hem, Döwlertiñ uzyn we
gysga wagtly planlary bilen bir hatarda ýöremek we bileleşip işlemekleri
netijesinde ýurt ekonomiýasynyñ has da ösmeginde öz goşandyny
goşjakdyr.
3.1. Hazyna dolandyrylşygy
3.1.1. Ýurdumyzda, ýer asty/ýer üsti baýlyklarymyzyñ
bu güne çenli gowy ulanylmandyr. Baýlyklarymyzy keseki ýurtlar
çykardylar we olaryñ ygtyýarynda boldy. Şeýlelikde bu
baýlyklarymyzdan biziñ umydymyzy üzmäge ugrukdyrýarlar.
Dünýäde bar bolan 43000 tonna altynyñ 20000 tonnasyna eýe
bolan Günorta Afrikadan soñ Türkiýe 6500 tonna altyna eýe
bolmak bilen ikinji ýerde durýar. 4770 tonna altyna eýe
bolan ABŞ bolsa üçünji ýerde durýar. Türkiýäniñ
baýlygy bolan 6500 tonna altynyñ bahasy 70 milýard
dollardyr. Bu gymmatlygyñ Döwlet ekonomiýasyna etjek kömegi
bolsa, 300 milýard dolar töweregidir. Aýratyn hem bu
gymmatlygyñ gönüden-göni peýdasy 6500 adama, beýleki
tarapdan bolsa 105300 adama ýetjekdigi takmynan aýdylýar.
Bor çyg malynyñ %60’y Türkiýe döwletindedir. Täze gazuw-agtaryş
işleriniñ geçirilmegi netijesinde bu göterimiñ 2 essesine çykjakdygy
barada tassyk edilýär. Türkiýeden soñ bor maddasynda
ikinji baý döwlet ABŞ gelýär we %13 mukdaryna eýedir.
Ýöne ABŞ bor maddasyny köp wagtdan bäri dürli senagat görnüşlerinde
ulanýandygy üçin ýakyn wagtda gutarjakdyr.
Türkiýe Respublikasynda Milli bähbitler üçin ähli ýerasty
we ýerüsti baýlyklaryñ satylşy baradaky düzgünnamalaryny
we kontraktlaryny täzeden gözden geçirilip, eger gerek bolsa, käbirlerini
goýbolsun etmeli we täze kararlar alynmaly.
Munuñ bilen birlikde MTA, TPAO ýaly guruluşlar täze düzgünnamalar
we kontraktlar bilen güýçlendirilmeli. Geçmiş ýyllardaky
ýalñyş düzgünnamalar we kontraktlar düzedilmeli. Gözden çykarylan
ähli peýdaly işler täzeden ýerine getirilmelidir. Bu işleriñ
hemmesi ilki bilen Halkyñ Milli bähbidi göz öñünde tutulyp
ýöredilmelidir.
3.1.2. 2-nji Dünýä söweşinden soñ ekonomiki taýdan
güýçlenen ABŞ, pese gaçan Ýewropa döwletlerine uzyn
wagtlaýyn pul kreditleri bilen kömek berip, dünýä söwdasyny
ösdürmek üçin İMF’ni we täzeden dikeldilşe geçmek üçin bolsa
Dünýä Söwda bañkyny döretdi. Bu gurluşlaryñ maksady
ekonomiki taýdan agyr ýagdaýda bolan döwletlere kömek
edip, munuñ ýanynda prasent (göterim) gazanmakdyr. Ol döwletleriñ
dolandyrylyşyny öz hemaýasyna almak islemegidir. Türkiýe
İMF’ýe 1974-nji ýylyñ 11-nji martynda agza boldy.
Birinji kontrakt 1962-nji ýylda baglanyşyldy. Onuñ netijesinde
Türkiýe döwleti gyssagly ýagdaýa düşdi. 1980-nji
ýyldan soñ İMF ekonomiýa kömek etmekden geçen, ekonomiýa
politikalaryny öz elinde tutmak üçin göreşýän bir gurluşa
öwrüldi.
2001-nji ýyldan soñ, ABŞ Türkiýäniñ ekonomiýasyna
basyp alyjy göz bilen garamaga başlady. Soñky wagtlarda döwlet
dolandyryjylary hem bu ýagdaýa goldaw bedriler. Bu kömegiñ
netijesinde bolsa, ýurt ekonomiki taýdan basyp alyjy güýçleriñ
eline geçendir.
Elde tutulan pul mukdarynyñ kontroly beýleki politikalary,
baha artyşlary we abarot kararlary bilen bir heñde işlän halatynda
YTL we dolar arasyndaky deñligi orta çykarmak üçin, ekonomiýa
ulanyjy we satyjynyñ deñligini gurmak üçin iñ esasy faktordyr. Bu
kararlary kabul edenler hökmany suratda Milli bolmaly we Döwlet bähbitlerini
göz öñünde tutmalydyrlar. Ýöne gynansak hem bu kararlar İMF
tarapyndan alynýar. Olar hem bu ýagdaýda ilki bilen
öz ekonomiýalaryny pikir edýärler. Pul we dollar
arasyndaky tapawudyñ gün-günden artmagy Merkezi Bañk üçin hem uly
bir problemadyr.
İMF 2001-nji ýyla çenli dürli politikalar bilen pul dolandyrlyşygyna
el goýandyr. 2001-nji ýylyñ Fewral krizasyndan soñ
bolsa, öñden bellenen “stand by” kontraktynyñ şertlerini özleriçe
üýtgedip, ekonomiýany öz bähbitleri üçin ulandylar.
2001-nji ýylda öz ugruna üýtgeýän dollaryñ
bahasy bilen pul ätiýajyny duruzmadan el çekildi. İMF
kreditiniñ hazyna geçirilmegi bilen emele gelen likiditeýany çekmek
ýa da Merkezi Bañkyñ gymmatlyklarynda boljak ösüşiñ pula täsiriniñ
öñüni almak üçin YTL’niñ satyn alynmagy, keseki puluñ Türk
pulunyñ ýerine ulanylmay bilen YTL’niñ köpeldilmeginiñ öñi
alynjak bolýandyr. Şeýlelik bilen Merkezi Bañkda ulanylýan
YTL’niñ ýerine keseki pullar ulanyşa girdi. Şeýlelik
bilen hem ekonomiýada beýleki döwletlere bagly bolan ähli
gurulyşlarymyz we edaralarymyz basyp alyjy güýçleriñ eline
berildi.
Bu ýgdaýyñ öñüni almak üçin hemme zatdan öñürti
daşary ýurda bolan bergilerimiz üzülmeli, İMF we muña meñzeş
daş finans çeşmeler bilen aragatnaşygymyz düzedilmelidir. Merkezi
Bañk Döwlet bähbitlerini göz öñünde tutmaly we ýurtda
Milli pul ulanylmalydyr. Maksadymyz, wagtyñ geçmegi bilen iç
bergilerimizi hem üzmekdir.
3.1.3. Merkezi Bañkda pul arzy düzedişleri we beýleki
ýurtlara bolan bergilerimiz üzülenden soñ, düzelen ekonomiýa
bilen Bañk işleri ugry arkaýynladylmaly. Likidite ätiýjy
üçin keseki şägirtler gözlenmeli.
3.1.4. Dollardaky ösüşe seredenimizde, soñky wagtlarda
YTL’niñ gymmaty kän görülmeýär. İmportyñ eksporta bolan
gatnaşygy köplenç ösýän Türkiýe Respublikasynda daşary
söwdasy ätiýajy gitdigiçe köpelýändir. Biziñ
maksadymyz önümçiligi peseldýän daş bergileriñ emele getirýän
gymmat bahalaryny ýok etmek we import bahalaryny bolsa, iñ aza düşürmekdir.
Ýurduñ içindäki önümçiligi daş önümçilik bilen deñ we
halkyñ ätiýajyny garşylajak derejä ýetirmek gerekdir.
Önümçiligiñ bolsa, importyñ ýerine geçmegini döredip,
eksporty iñ aza düşürmekdir. Şeýlelik bilen hem döredilen
bu önümçilik hakyky bir dollar bahasyny kesgitlejekdir.
3.1.5. Halk arasynda Bañk işlerni Düzeltmek we Barlamak
Guramasynyñ (BDDK) we Sermaýa Ýagdaýy Guramasynyñ
(SPK) çäresi geçiriljekdir. Bu ugurlarda barlag depgini has güýçlendirilmelidir.
Bañklarda döredilen guramalar Milli bolmalydyr. Mundan başga da bu
guramalar Milli bähbidi hiç haçan gözden çykarmaly däldir.
3.1.6. Ortalyk şereketleriñ nagt pul ätiýajyny garşylamak
ýerine öz bähbitlerini nazara alan gurama öwrülendir. Şereketleriñ
ösmegine we ulalmagyna az kömek edişi ýaly, kesekileriñ hem añsatlyk
bilen orta girip bilmegini döredýändir. Keseki şereketler hem
ortalyga öz bähbitleri üçin girýändirler. Munuñ netijesinde
bolsa, olar üýtgemeýän dollaryñ nyrhyndan dollar alyp
öz ýurtlaryna äkidiýärler. Şeýlelik bilen hem Türkiýäniñ
daş bergileri artýandyr.
Bu ýagdaýyñ öñüni almak üçin keseki şereketleriñ
ýurtdaky işlerini azaltmak gerekdir.
Ortalykda bu ýagdaýlaryñ öñüni aljak täze kararlar
alynmalydyr.
İç we daş gymmatlyklaryñ döwlet hazynasyna zyýanly täsirlerine
rugsat berilmeli däldir.
Hususy guramalaşan gymmatlyklar ösdürilip, kiçi we orta güýçdäki
senagat işleriniñ ulalmagyna çeşmeler döredilip, olaryñ öñi açylmalydyr.
3.2. Önümçilik
3.2.1. Ösýän we ulalýan tröstler, liberal
ekonomiýany ulanyp, Döwletimizi ekonomiýa taýdan
pese gaçyrmaga niýetlidirler. Sebäbi olaryñ maksady, ol döwletleri
öz häkimiýetine almak we ösen döwletleriñ girdeýjisindäki
deñsizligi emele getirmekdir. Girdeýjiniñ köp bölegine özleri
eýeçilik etmek we köp girdeýjili adamlaryñ garyp-gasarlara
sözlerini geçirmegini döretmekdir. Bu adamlar güýçleri bilen
ol döwletiñ içinde hem häkimdirler. Döwletleri ekonomiýada
pese gaçyryp, özlerine mätäç ýagdaýa getirýärler.
Bu ýagdaýa düşen döwlet hem wagtyñ geçmegi bilen
ýok bolýandyr. Hökümetler ýalñyş ekonomiki we
mali politikalar ulanyp, halkyñ dogry we adyl dolandyrylmagy üçin
gerek bolan zerur zatlardan ýüz öwürmek bilen döwleti keseki
döwletlere bergä batmaga mejbur edýärler. Maddy ýetmezçilikler
we kesekileriñ häkimýeti döwletiñ sosýal hyzmatlaryna
hem ters täsir edýändir. Şeýlelikde hökümetler has da
garyplaşan halkyñ ätiýjyny garşylap bilmejek ýagdaýa
düşýärler.
Türkiýede aýratyn hem Döwletiñ elindäki guramalaryñ
gymmaty barha pese gaçýar. Basyp alyjy güýçlere hakyky
bahasyndan az bolan nyrh kesilýändir. Emma, Döwlet öz halkyna;
ekonomiki, arkaýynlyk, syýasy, saglyk, ylym-bilim we
medeni ugurlarda hyzmat edip bilmegi üçin dürli guramalar döretmelidir.
Bu ugurda Döwlet şahsy şereket eýeleriniñ az gazanjy sebäpli
girip bilmedikleri ugurlara öz goşandyny goşmak bilen halk ýaşaýşynyñ
durmuş standardyny ösdürmelidir. Pensiýa, saglyk, ylym-bilim
we medeni hyzmatlary hiç haçan hususy guramalara ynanmaly däldir.
Ugurlara kömek bermek üçin döredilen Galkynyş Bañklardan henizem Döwletiñ
häkimiýetinde bolanlary satylmasynyñ öñi alynmaly. Satylan bañklaryñ
edýän işleri täzeden gözden geçirilmeli.
Milli bähbitlere zyýan berýän hususylaşmalar düzedilmelidir.
Hususy iş ugurynyñ eden kabir işleri hem Milli maksatlara görä
bolmalydyr.
Ekonomiki bahasy bolan we Döwlet üçin peýdaly ähli ýarym
galan işler tamamlanmalydyr.
Keseki işleriñ “Milli Güvenlige” we Milli bähbitlere zyýan
berip biläýjek ugurlarynyñ öñi alynmalydyr.
3.2.2. Basyp alyjy güýçleriñ haýsyda bolsa bir Döwletiñ
ekonomiýasyny bütünleý ele geçirmek üçin gurnan
sistemasy öz işleýişi bilen importy önümçilikden öñe geçiren
gurama döredendir. Biz her ugurda önümçiligi artdyran çäreler
guramalydyrys. Şeýlelik bilen önümçilik hem mukdar hem de hil
taýdan ösdürilip, halkyñ ätiýajy garşylanmalydyr. Soñra
bolsa, halkdan artan bölegi üçin eksporta ugrukdyrylmalydyr.
Täzelenýän energetika çeşmeleri ulanylyp, tehnologiki
gurallar we kätipler Döwletimizde hem döredilmegi üçin höweslendiriji
guramalar peýda bolmalydyr.
Her ugurda tehnologiki tazelikler göz öñünde tutulmaly. İýdeg-gözleg
işleri geçirilip, bu ugurda has hem öñe gidişlikler elde
edilmelidir.
Önüm öndürýän ugurlaryñ tehnologiki ýagdaýlary
täzeden düzedilmelidir.
3.2.3. Ýer asty we ýer üsti gymmatlyklarymyzyñ iýdelmegi
we tapylmagy, olaryñ işlenip çykarylmagy we satyşa hödürlenmsi
öñ planda bolmalydyr. Sebäbi olar ulanylan halatynda ekonomiýa
goşandy gaty köpdür. Ýer asty we ýer üsti çeşmelerimiziñ
çyg mal hökmünde däl de, eýsem işlenip çykarylandan soñ
eksport edilmesi gerekdir.
3.2.4. Oba-hojalyk we maldarçylyk pudaklarynyñ ekonomiki şertlerden
baş alyp çykmaklary üçin, olara pudaklara we böleklere görä birleşmeklerine
uly goldaw berilmeli. Şol bir wagtyñ özünde olar gaty çalt köpelmelidirler.
Oba-hojalyk we maldarçylyk pudagynda iýdeg-gözleg işleri
uludan alnyp barylmaly. Olary goraýan we ösdürýän
guramalar döredilmeli.
Oba-hojalygyna we maldarçylyga eýe çykýan Daýhan
Bañkyñ ulanylyşy has da ösdürilmeli.
Oba-hojalyk we maldarçylyk pudagynda basyp alyjy güýçler
tarapyndan alynan kararlaryñ öñi alynmaly.
3.2.5. Oba-hojalyk pudagynyñ ösmegi bilen;
Ekonomiýa düzedilip, uly şäherlere göçüşler we işsizlik
ýaly problemalar çözülmelidir.
Oba-hojalyk önümleriniñ importynyñ öñi alnyp, ýurt täzeden
özüne ýetjek derejede önüm öndürmelidir.
Oba-hojalygy kömek berji politikalar bilen täzeden ele alnyp, bu
ugurda potratçymyz, bu sebäp bilen hem Watanyñ bahbidine ters alnan
ähli kararlar täzeden gözden geçirilmelidir.
3.2.6. Oba-hojalygk pudagy özüne degişli her ugurda bolşy
ýaly genetikasy üýtgedilen tohumlar temasyndan hem
habardar edilmelidir. Hemme zatdan öñ ekologiki oba-hojalygy döredilmeli.
Adamlara zyýanly we suw çeşmelerini kirledýän ýasama
dökün we harmonlaryñ öñi alynmaly.
Biýodizel üçin ulanylýan ýagly tohumlar ýetişdirlip,
import edilme ätiýajynyñ soñuna ýetilmelidir.
Oba-hojalygy hyzmatdaşlygy täzeden döredilmeli we işleri
artdyrylmalydyr.
3.2.7. Gaty az tükedilýän haýwan etleri we sütleri
artdyrylyp, adamlaryñ iýip-içkisi gowulandyrylmaly. Şeýlelik
bilen adamlaryñ saglygyna has köp üns berilmeli we haýwan artyşy
köpeldilip, bahalary arzanladylmaly. Döwlet, satyjynyñ bahasyna garyşyp,
ony goraýşy ýaly, iñ gymmat bahalar bilen alyjynyñ
zerar görmesine hem garşy bolmalydyr.
Maldarçylygyñ ähli oba-hojalyk harytlary içindäki önümçilik paýy
ösdürilip, Türkiýe maldarçylyk pudagynda öz-özüne ýetýän
we mal harytlaryny eksport edip bilýän ýurt halyna
getirilmelidir. Haýwan harytlarynyñ eskportynyñ ýeri ähli
eskport girdeýjisinde ösdürilmeli we maldarçylygy satyjy üçin
peýdaly bir pudak halyna getirmek esasdyr.
Türkiýe tebigatyna we klimat şertlerine deñ gelýän we
gaty köp peýdasy bolan halk döredilmelidir. Bu ýagdaý
üçin ähli şertler, eskportlar we importlar Döwletiñ hut öz
ýardamy bilen ýerine getirilmelidir.
Et we et harytlary bilen janly mal importynyñ hökmany suratda öñi
alynmalydyr. ÝB her ýyl üçin söz berilen uly baş mal
importynyñ hem öñi alynmalydyr.
Granitsamyz uly üns bilen barlanyp, rugsatsyz ýurda mal we haýwan
getirilşiniñ öñi alynmalydyr.
Hususylaşdyrylan Döwlet Öndürme Meýdanlary (DÜÇ) täzeden
gurulmaly we ol maldarçylyga mysal bolup biläýjek ýagdaýa
getirilmeli. Bu meýdanlaryñ häkimýeti oba-hojalygy we
maldarçylyk pudagynda iýdeg-gözleg edýän, olary ösdürýän
we goraýan guramada bolmalydyr.
Maldarlara; mal ýetişdirmek, haýwan saglygy we peýdasynyñ
artmagy üçin dürli temalarda bilim berilmelidir.
Ýurt şertlerine gabat gelýän derman önüminiñ mukdary
we hili artdyrylmaly.
Eksportda ýaryş güýjüni artdyrmak üçin işläp çykarylan
önümiñ eksportyna goldaw berilmelidir. Türki Döwletleriñ bähbitlerine
işler döredilip, her pudakda bolşy ýaly, bu pudakda hem ysnyşykly
baglanşyklar döretmek gerek.
Maşgala önümleri bolan kiçi önümçilikler döwletiñ kömegi bilen
döwrebap şertler döredilip, ulaldylmalydyr.
Maldarçylygyñ ösen we köp bolan ýerlerinde ýörüte şolara
göz-gulak bolýan guramalar döredilmelidir.
3.3. Sarp Ediş
3.3.1. Döwlet harytlarynyñ ulanylşyny artdyrmak üçin ulanyjy
hukuklary temasynda Türk Milleti habardar edilmelidir.
İmport diñe önümçilik üçin ulanyljak harytlar üçin añsatlaşdyrylmaly.
İmporty möhüm görkezýän politikalar we kararlar aýrylmaly.
Keseki güýçler tarapyndan halkyñ we satyjynyñ habarly
ýagdaýda İmport bähbidine üýtgedilen kararlary
ýurduñ içine ugrukdyrylmaly. İç dolandyrlyşyk goralmalydyr.
3.3.2. Çyg mallar Döwlete diñe artan mukdarda İmport edilip
biler. Esasan hem işlenilip-çykarylan malyñ İmporty goldanmalydyr.
Gümrük politikalaryndan daşary ýurtlaryñ bähbitleri däl de,
eýsem biziñ ýurdumyzyñ bähbitleri göz öñünde
tutulmalydyr. Önümçilige we eksporta höweslendirji çäreler geçirilmelidir.
Öz erkli raýonlar Milli bähbitler üçin täzeden düzülmelidir.
3.3.3. Daşary ekonomiki aragatnaşyklarda Milli bähbitlerimize
ters gelýän halkara kontraktlardan uzakda durulmalydyr. Öñki
baglanşylan kontraktlara hem täzeden göz gezdirilmeli. Eger zerarly
ýerleri bar bolsa, goýbolsun edilmelidir.
Türkiýe Respublikasynyñ agzybirligine, bütinligine we her
ugurdaky garaşsyz pikirlerine ters gelýän ÝB we İMF
bilen aragatnaşyklaryñ öñi alynmalydyr.
3.3.4. Tröstleriñ şahsy satyşlaryna rugsat berilmeli däldir.
Tröste garşy peýdaly kararlar alynmalydyr. Tröstleriñ,
bahalary öz häkimiýetine almazlygy üçin böwetler döredilmelidir.
Şahsy satyşlar döredilip, ekonomiýa we Döwlete garşy öz häkimiýetine
almaga çalışan tröstler barlanmalydyr.
3.3.5. Kiçi we ortara şereketlere goldaw berilip, olaryñ
ekonomiýa bolan goşantlary köpeldilmelidir.
Kiçi we ortara dolandyryjylaryñ başga bir pudak hökmünde internet
ulgamyny ulanmalaryna yardam berilip, olar bu babatda habardar edilip,
olar bu ugra höweslendirilmelidir.
3.4. Ekonomiýa Deñligi, Maliýa Politikamyz
Biržanyñ deñligi we Milli çeşmelere daýanmasy hökmanydyr.
Täzeden dörediljek ýa da düzediljek Döwlet guramalary üçin
gerek bolan pul serişdesi aýrylmalydyr.
Biziñ maksadymyz, adam başyna düşýän pul möçberiniñ deñsizligini
düzeltmekdir.
Rugsatsyz ekonomiýanyñ barlanmasy üçin adalatly çäreler döredilmeli.
Nalog görnüşleriniñ mukdarlary azaldylmaly.
Raýatlar nalog girdeýjileriniñ nirede we nä halatda
ulanylýandygy barada dogry we tankytly habardar edilmelidir.
3.5. Türki Döwletler bilen Ekonomiki Aragatnaşyk Politikamyz
Türki Döwletler bilen umumy söwda, gümrük birligi we ekonomiýadaky
her ugurda iş birligni artdyrmak biziñ asyl maksatlarmyzdyr.
Ýaşaýyş
Madda 4.
4.1. Mal-mülk edinme barada Milli bähbitler göz öñünde
tutulyp, täze kararlar alynmalydyr.
4.2. Oba-holjalygy Ministerliginiñ işleýiş ugurlaryny täzeden
tertiplemeli, haryt bahalary döwrebap bolmalydyr.
4.3. Gurluşyk işlerine degişli täsirini ýetiren hemme
kanunlar döwrebap berjaý edilmelidir.
4.4. Labaratoriýa we AR-GE işlemelerine has da aýratyn
üns berilmeli. Ynsan saglygyna zyýanly himiki maddalara degişli
standartlar ösdürilmeli. Bularyñ ulanylyşlarynyñ öñi kanunlar
bilen alynmalydyr.
Saglyk we Derman
Madda 5.
Döwletiñ halka hyzmat beriji saglyk sistemalarynyñ ýuwaş-ýuwaşdan
hususylaşdyrylmak islenýändigi aýandyr. Hassahana
hyzmatlary hususylaşdyrmagy ösdürmek üçin aýratyn hyzmat ediş
we bejeriş çäreleri dörediýär. Öz dermanlarymyzyñ ýerine
daşary ýurt dermanlary ulanylýar. Munuñ netijesinde hem
ýerli derman senagatlarynyñ ösüşiniñ öni alynýar. Şeýlelikde
olaryñ ösmegine uly bir zyýan ýetýär.
5.1. Dermanyñ baha we satyş politikalary täzeden düzedilmeli.
Derman reklamalaryna rugsat berilmeli däldir.
5.2. Türkiýe ekonomiýasy import edilen derman
babatda uly maddi zerar görýär. Munuñ öñüni almak üçin
bolsa Uniwersitedleriñ medisina we dermançylyk bölümlerine has köp
üns berilip, olar gerek bolan pul serişdesi bilen elmydama üpjin
edilmelidir.
5.3. Türkiýede raýatlara berilýän hususy
we hemme saglyk hyzmatlary belli bir tertibe görä düzedilmelidir. Bu
ugur täze düzedişler hem geçirilip, has da ösdürilmelidir.
5.4. “Türkiye Sağlyk Hizmetleri Veri Tabanı” guramasynyñ
tertibine görä dermanlar halka hödürlenmeli. Bu tertip boýunça
derman satyşlary täzeden düzedilmeli.
5.5. Döwlet saglyk hyzmatlarynyñ we ynsan durmuşynyñ
standartlaryny ösdürmek üçin Goraýjy Hekimlikler güýçlendirilmeli.
Ýokardaky tertip bilen bilelikde iş alnyp barylmalydyr.
5.6. Döwlet we hususy hassahanalaryñ standartlary düzedilmeli.
“03” tiz kömek maşynlarynyñ tizligi, park problemalary we
kanalizasiýa probelamalary düzedilmelidir. Şonuñ netijesinde
bolsa, agyr ýaraly hassa örän tiz wagtda iñ ýakynyndaky
hususy ýa da döwlet hassahanasyna ýetişdirilmelidir.
5.7. Saglyk we Derman ugrunda Türki Döwletler bilen ýakyn
aragatnaşykda bolunmaly. Umumy önümçilikde ol Döwletler bilen
politikalar we işgärler alyş-çalyş edilmeli.
İş we Durmuş Standartlaryny Özgertme
Madda 6.
6.1. İş ýagdaýlaryny özgertme
6.1.1. İşgär kanuny täzeden gözden geçirilmeli. Eger gerek
bolsa, düzedişler girizilmelidir. Edaralar arasyndaky deñsizlikler düzedilmelidir.
Hyzmat ediş edaralary has da özgerdilmelidir.
6.1.2. Çagalar bagyna gidýän çagalaryñ saglygyna üns
berilmeli. Ol ýerlerde doktor, pedogog, psiholog ýaly işgärler
doly üpjün edilmeli. Olaryñ günlük iýip-içgileri hökmany
suratda barlagdan geçirilmelidir. Eger näsazlyklar dörese, hiçbir
zady gaýgyrman onuñ öñi alynmalydyr. Bu ýagdaýda
ýetişen çagalar hem okuw döwürlerinde hem de uniwersited döwürlerinde
has göreldeli netije görkezerler. Munuñ netijesinde bolsa, Türkiýe
Respublikasynyñ gelejegine uly goşant goşular. Döwletimiziñ
gelejegi hes hem aýdyn bolar.
6.1.3. Döwlet edaralaryndaky işgärleriñ aýlyklary köpeldilmelidir.
Soñra bolsa, olaryñ azyndan 25 ýyl iş tejribesi göz öñünde
tutulyp, olaryñ işleýän edaralary we Türkiýe
Respublikasynyñ bähbitleri hem göz öñünde tutulyp, olara iñ
ýokary derejede hyzmat edilmelidir.
Bu sistema bütin halkyñ öz işlerine has da işjeñ gatnaşmaklaryna
itergi berjekdir.
6.2. Durmuş Standartlary Pes bolan Adamlaryñ Durmuş Standartlaryny
Özgertmek
Türkiýe Respublikasy girdeýjisi pes bolan we ösýän
Döwletler hataryna degişlidir. Tiz ösýän Döwletleriñ
hataryna girip bilmeýän Türkiýe Respublikasy, şeýlelik
bilen käbir ýerleri plansyzlyk we düzensizligi bilen has beter
pese düşendir. Başyny Beýik mugallym Mustafa Kemal ATATÜRKden
alyp gaýdýan “Ebedi” Türkiýe
Respublikasy öñden gelýän hiçbir hazynasyny ulanman, eýsemher
dürli basyp alyjy güýçlere garşy döş gerip, özüni
ýabanlaşdyrýandyr. Bu edilýän ähli ýalñyşlyklar
göz öñünde tutulanda häzirki zamanadaky Türkiýe
Respublakasy meýdana gelendir. Aýlyk – girdeýji
we medeniýet tapawutlylyklary Türkiýe Respublikasynyñ
agzybir bolmagyny has da kynlaşdyrýandyr. Bu ýagdaýlar
Türkiýe Respublikasynyñ halkynyñ ynamyndan gaçmagyna ters,
halkyñ ynamyna giribem düzedip bilmeris. Hemme tarapy bilen öñki işler
we soñky işler aýrylyşma düşünjesi, Türkiýede hem
halkyñ hem de Döwlet edaralary tarapyndan taýyn däldir. Tizlik
bilen bolýan üýtgeşmelere durmuş ýetişip
bilenok.
Netijede biri – birinden tapawutly düşünýän we hereket edýän
girdeýjisi bolan iki üýtgeşik dumuş orta çykýar.
Türkiýe Respublikasynyñ agzybirligine görüplik edýän
Döwletler bu boýlan kemçiliklerden peýdalanyp, her hili
hilegärlige baş urýarlar. Ýakyn taryhymyza göz gezdiren
halatymyzda, bu basyp alyjy güýçleriñ raýatlarda
ýykyp – yumuryjy politikalar, ters we ýalñyş dini
pikirler orta atyp, halkyñ añyny we düşünjesini üýtgediýärler.
Bu bolsa, halkyñ agzybirligine uly zyýan ýetirýändir.
Bu wakalar bolup durka Türkiýe Respublikasynyñ bir partiýsy
hökmünde şu bolýanlara çäre görüp bilmeýändigini
gynanç bilen bildirýäris. Sebäbi daş – töweregimizde boýlan
bu wakalar bizden aýratyn däldirler. Gysgaça aýdylanda,
häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy bolmaly derejesinden has
pesdedir. Akly erkin, wyjdany erkin Türk Milleti hökmünde bu boýlan
sanjylary çekmek mejburiýetinde däldir. Biz ählimiziñ bir gaýygyñ
içindedigimizi bilip, batyp barýan o gaýygyñ deşiklerini
bilelikde ýapmalydyrys. Sebäbi bu iş biziñ hemmämize degişlidir.
Eger heläk bolan halatymyzda, diñe biz däl ähli Türk halky heläk
boljakdyr. Çünki biziñ hemmämiz Türkiýe Respublikasynyñ
ýaşaýyjysydyrys.
Watansöýerler Partiyasy hökmünde bu düşünje bilen ýola
çykyp, Türkiýe Respublikasyna gelişýän durmuş
standartlaryny gazanmak üçin we oña kömek maksady bilen, bu bolýan
problemalaryñ köküni ýüze çykaryp, şol ýerde
ýagny oba – kolhozlarda çözülmelidir diýip pikir edýäris.
Biz bu çözgütleri aşakdaky bölümlere aýryp bileris.
İlki bilen oba – kolhozlaryñ girdeýjisini artdyryp, soñra
bolsa medeniýet, ylym – bilim we saglyk derejelerini özgertmek
gerekdir. Bu işler bilen bir hatarda, dürli problemalary öz ýerinde
çözmeklik ol problemalaryñ esasy bir bölegidir. Girdeýjini özgertmek,
bu planyñ işleýişi oba – kolhozlar üçin elindäki ýagdaýlar
bilen iñ dogry we takyk önümçilik bilen gelejekde bolup biläýjek
gözlegine girmeklik ilki bilen Döwletiñ peýdasyna boljakdyr.
Saglyk derejesini özgertmek, hassahanalary has da aktiw işlemeleri
üçin ähli oba – hojalyk ýaşaýyjylarynyñ saglyk
gurallary we kanunlary bilen has ýakyndan tanyşdyrmak gaty zerur
bolup durýandyr.
Medeniýeti özgertmek, bu mowzukda degişli obanyñ
problemalaryny ýüze çykayp, boş wagtlarynda çäreler geçirilmelidir.
Her ugurda meglumat berilmeli, ýygnaklar, dabaralar, kurslar we
kitaphanalar açylyp, olaryñ içi gerek bolan maglumatlar bilen baýlaşdyrylmalydyr.
Gyz çagalar aýratyn hem okuwa höweslendirilmelidir. Oba
mekdebine her tarapdan goldaw berilip, teýatr we aýdym –
saz ýaly dabaralar gurnalmalydyr.
6.3. Çagalar we Garrylar
Belli ýerlerde pul ýetersizligi sebäpli düzedilip
bilinmeýän, maşgalasy bolan ýa da bolmaýan ähli
çagalar we garrylar üçin goraýjy we goldaw beriji çäreler
alynmaly. Eger öz maşgalasy bar bolsa, ilki bilen öz maşgalasyna gowşurylmalydyr.
Bu edilýän hyzmatlar garşylygynda hiç hili pul talap edilmeli
däldir. Olar bu ýagdaý döredilenden soñ ýurt
üçin gaty zerur adamlar bolup ýetişdirilmelidir.
Seredilmesi gerek bolan garrylar üçin serediş öýleri azdyr.
Bu serediş öýleriniñ sany iñ gysga wagtyñ içinde köpeldilmelidir.
Munuñ netijesinde bolsa, bu ýara çalt möhletde saralmalydyr.
Gemişimizi we gelejegimizi goramak üçin Çaga Goraýyş
Öýlerini we Serediş Öýlerini tazeden döredip, knuny düzedişler
girizilmelidir. Obşit durmuşy berk barlagda baolmalydyr we hiç bir zyýanly
zadyñ çagalara geçmesiniñ öñi alynmalydyr. Bu ýerlerde zähmet
çekenler öz işlerindäki kemçilikleri üçin kanuny ýagdaýda
jezalandyrylmalydyr. Sebäbi bular ýaly hereketler diñe Döwlete
ýa da Millete yhanat bolman, eýsem gelejegimizi hem
paltalaýandyr.
6.4. Maýyplar
Türkiýede maýyp adamlaryñ durmuşyny gowulandyrmak üçin
aşakda görkezilen temalardaky kanuny düzedişler dykgat bilen
ýerine ýetirilmelidir.
6.4.1. Maýyplaryñ näsazlyklarny orta çykarmak üçin
ulanylýan Balthazard Cetveli ýerine doktor barlagy ulanyşa
girmeli. Bu barlaglar berk ýagdaýda geçirilmeli. Eger üns
bermezlik bilen ýalñyş barlag edilen halatynda täze kanuny düzedişler
girizilmeli.
6.4.2. Maýyplara hyzmat edýän guramalaryñ sany we
hili artdyrylmaly. Bular köplenç barlagdan geçirilmeli.
6.4.3. Edilýän hyzmatyñ hilindäki üýtgeşiklikler
we ýetmezçilikleriñ öñi alynmaly. Maýyplara edilýän
hyzmatlar arasynda deñlik saklanmaly.
6.4.4. Maýyplara hyzmat etjek adamlaryñ aýlyklary
artdyrylmaly we her dürli gerek ýagdaýlar döredilmeli.
6.4.5. Umumy ýaşaýyş meýdanlaryndaky we
aftabuslardaky maýyplar üçin döredilen ýagdaýlar
köplenç barlagda bolmalydyr.
6.5. Halk Köpçüligi Gurluşlary (STK)
Halk Köpçüligi Gurluşlary, hemme zatdan öñ Türkiýe
Respublikasynyñ üstüne çykan ähli gymmatlyklary bilen bir hatarda
dowamlylygyna has köp üns beren düşünjä eýedir. Biziñ
maksadymyz halk köpçüliginiñ bähbitleri üçin gerekli işleri
ýerine ýetirmek, ýetmezçilikleri düzedip, halky
bu ugurda habardar edip, geçirilýän çykyşlara çagyrmak we
durmuş standartlaryny özgertmek ýoly bilen agzalan ýetmezçilikleri
ortadan ýok etmek üçin döredilen guramadyr.
6.5.1. Türkiýe Respublikasy ÝB’niñ STK’lar
üçin gurnan umumy pul fonduna soñky 6-njy programmasynda jemi 250 milýon
ýewro mukdarynda pul geçirendir. Ýöne gynansak hem
esaslaryñ Ýewropa tarapyndan belli edilmegi we munuñ Halkyñ bähbitlerine
ters gelmegi sebäbi bilen hakyky proýektleri däl de, eýsem
Türkiýe Respublikasynyñ abraýyny düşürjek we şuña
meñzeş proýektlere işläp düzülip, bu proýektleriñ güýji
bilen STK’lar ýalñyş tarapa ugrukdyrylýarlar. Munuñ
ýanynda umumy pul fonduna geçirilen pulyñ diñe bäşden biri
(1/5) ýurda yzyna dolanandyr. Bu sebäpler bilen hem umumy pul
fonduna pul geçirilmeli däldir. Bu ýol bilen elde edilen gazanç
ýurt içinde halkyñ bähbitlerine gabat gelmeýän
taraplara ugrukdyrylmaly däldir.
6.5.2. Edara, Gurama we Uniwersitedler Türkiýe
Respublikasynyñ gysga, orta we uzyn wagtlaýyn iş planlaryny we
maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin gerek bolan işleri ýerine
ýetirmelidir. Ýöne bu maksatlary köpçüligiñ her böklegine
ýaýtatmak we azat hereket etmek üçin alnyp barylýan
proýekt bahasy berilip, STK halkyñ bähbitleri üçin iýdeg
– gözleg we bu ýagdaýy ösdürmäge ugrukdyrylmalydyr.
Aýratyn hem Halkyñ bähbidine peýdaly proýektler düzülen
halatynda bu umumy pul fontlarynyñ kömegi bilen keseki ýurtlaryñ
STK’laryna da aýratyn bir bölek aýrylmaly. Bu proýektleriñ
iýdeg – gözleg edilmegi höweslendirlmelidir.
6.5.3. Türkiýe Respublikasynyñ esasy gymmatlyklaryna,
halkyñ agzybirligine we birligine ters hereket eden ähli Halk Köpçüligi
Guramalary ýapylmalydyr. Bu ugurdaky näsazlyklar, gözden gaçyrmalar
we maksada ters gelýän knunlar täzeden düzedilmeli we Döwletiñ
arkaýynlygy üçin uly dykgat bilen ýerine ýetirilmelidir.
6.5.4. Ähli iş otaglary saýlaw sistemasyndan dolandyryş
sistemasyna çenli bütin ugry boýunça göden geçirilmeli we Döwletiñ
rahatlygy üçin dykgat bilen ýöredilmelidir.
6.5.5. Ähli adamlar haklaryny we bähbitlerini dogry ulanmak
barada habardar edilmelidir.
6.6. Tebigat we Tokaý
Tebigat bilen baglanşykly ähli kanunlar dykgat bilen ýerine
ýetirilmeli. Edilmeli işler gijikdirilmän wagtynda edilmeli.
Eger gijikdirilse, kanuna laýyk jezalar berilmelidir. Häzirki
ýöreýän kanunlar täzeden gözden geçirilmeli we
jezalar has da agyrlaşdyrylaly. Tebigat we Tokaý Ministerliginiñ
ähli işleri bütin ýurtda gözden geçirilmeli.
Dünýäde adam saglygy üçin zyýanly we durmuşda köp üns
berilmeýän iýonlaşdyryjy bolmaýan
elektromagnetiki kirlilik temasynda, ayratyn hem köp ulanyşlylygy üçin
iñ köp zyýanly bolan jübi telefonlaryny hem öz içine alýan
elektroniki zatlara gaty üns berilmeli. Zyýanlary ýok
edilip, onuñ ýerine üýtgeşik zyýansyz çözgütler
tapylmaly. Muña goşmaça täze düzedişler girizilmeli we köpçülik
bu ugurda habardar edilmeli.
6.6.1. Tokaý bilen baglanşykly ähli pyssy-pyjurlyklaryñ
üsti açylmaly we gerekli jezalar berilmeli.
6.6.2. Ýangyna sezewar bolan tokaý meýdanlary
hiç wagt ýaşaýyşa açylmaly däl. Ýer düzelende
täzeden agaçlar dikilmeli.
6.6.3. Dogry agaçlar ekilmeli we her dürli jandary saklamak
üçin şertler döredilmeli.
6.6.4. Senagatdaky ösüş bilen bir hatarda tebigat
gymmatlyklary goralyp saklanmaly we bu iki ugur bilelikde alnyp
barylmaly.
6.6.5. Deñ sazly alnyp gidiläýjek ekonomiki kararlar
bilen ekologiki kararlar planlamaly. Bu planlama tebigy çeşmeler we
goraýjy politikalar has anyklanyp, sazlaşykly ýöredilmeli.
6.6.6. Ähli aýlanşyklar Tebigat we Tokaý
Ministerliginiñ rugsady bilen bolmaly. Halk tebigaty temasynyñ
ÝB temasy bilen bilelikde ýöredilmesi goýbolsun
edilip, Milli bähbitlerimizi göz öñünde tutýan bir esas hökmünde
hiçbir kynçylyga sezewar bolman ýöredilmelidir.
6.6.7. Hemme zatdan öñ tebigat kirliliginiñ öñi alynmaly.
Öñi alnyp bilinmeýän ýagdaýlarda çeşmä iñ
ýakyn çözgütler tapylmaly. Tebigaty goramak üçin gerekli
bolan ähli pul serişdesi hiç problemasyz üpjün edilmeli we elde
edilen girdeýji hem täzeden ulanylyş üçin saklanmaly.
Tebigaty goramak üçin keseki Milletleriñ ýa da ýurtlaryñ
zatlarynyñ ýerine öz ýurdumyzyñ çeşmeleri
ulanylmalydyr.
6.6.8. Bu Ministerligiñ aşagyndaky ýerine ýetiriji
toparlar has da güýçlendirilmeli we häkimiýeti
artdyrylmaly. Bular ýaly zatlar göz nünde tutulyp, Merkezi
dolandyrylyş, Ýerli dolandyrylyş, Apat dolandyryjy Merkezleri,
Gyssagly ýagdaý Merkezleri, Uniwersitedler, Senagat
Merkezleri we STK’lar arasyndaky baglanyşyk we aragatnaşyk
politikalary ýokary derejä göterilmeli.
6.6.9. Daş töweregi gorap saklaýan bir köpçüligiñ
ýetişdirlmesi ilki bilen tebigat söýgüsiniñ berilmegi
bilen başlanýandyr. Köpçüligiñ her bölüminde tebigat söýgüsiniñ
ösdürilmegi we bu ugurda okuwyñ her bölümine ýerleşdirilentemalar
uly dykgat bilen ele alynmalydyr. Okuw temalary bu ugry göz-öñünde
tututp, taýýarlanmalydyrlar. Munuñ netijesinde köpçüligiñ
peýdaly zatlary öwrenmegi bilen STK’laryñ goşantlary hem
dogry we ýerinde bolmaly. Keseki güýçleriñ STK’lary
halkyñ bähbidine ters karar almaga ugrukdyrmagynyñ öñi alynmalydyr.
6.6.10. Döwlet we hususy edaralar tarapyndan edilýän işleriñ
halkyñ girdeýjisine goşant hökmünde kabul edilmegi gerekdir.
Bu işler gaty uly dykgat bilen ýerine ýetirilmelidir.
6.6.11. Tebigat we tokaý kirliliginiñ öñüni almak üçin
goldaw beriji kararlar alnyp, abarot ýoly bilen elde edilen
harytlaryñ ulanylmasynda ÖTV mukdarlarynyñ azaldylmasy ýaly,
Tebigat we Tokaý Ministerligi bilen baglanşykly her ugurda bu
hereketler ýaýradylmalydyr.
6.7. Energetika
6.7.1. Energetika çeşmeleri adam durmuşyndan başlap, ekonomiýa
çenli köpçülik durmuşynyñ hemme ugurlarynda öz barlygyny belli
etmegi we Döwletleriñ politikalaryny ýola goýmak üçin
has ynamly ýagdaýda dolandyrylmalydyr. Bu sebäpden hem
energetika politikasy biziñ üçin gaty zerur bolup, aralyksyz we arzan
elde edilmelidir. Milli bähbitlerimiz üçin täze düzedişler bilen
elektrik öndürlişinde daşa bagly bolmakdan bütinleý el çekmeli
we galyndy ýangyçly önümçilikden el çekmeli. Onuñ ýerine
täzelenýän energetika çeşmeleri – gün, şemal, toklun,
geotermal, biýodizel, biýogaz w.ş.m. – ulanylşa
girmelidir.
6.7.2. Energetikanyñ dogry ulanylşy hakynda Bilim
Ministerliginden başlap, bütin Döwlet we hususy edaralar habardar
edilmeli.
6.7.3. Umumy ulanylýan energiýnyñ takmynan %
50’si öýlerde sarp edilýär. Ol öýde tükedilýän
energiýanyñ % 80’i bolsa gyzdyrmak üçin ulanylýar.
Öýlerdäki gyzdyrmak üçin ulanylýan energetika ýitgisiniñ
% 30’y bolsa, äpişgeler arkaly boýlar. Bu sebäp bilen hem bu
ýitgileri azaltmak üçin ýeke aýnanyñ ýerine
% 50 - % 70 mukdarda azaldýan köp gatly aýnalar
ulanylmasy godaw berlip, hem energetika ekonomisi hem de başka zyýanlara
sebäp bolýan galyndy ýangyç ulanylşynyñ azaldylmasy döredilmelidir.
6.8. Tehnologiýa
6.8.1. İnternet bilen arzan we tizlik bilen has köp maglumat alynýan
günümizde internet pursatlary has hem köpeldilmelidir. Fundament
yzygiderli özgerdilmeli we internediñ ulanylşy halkyñ köp bölegine
ýetirilmelidir.
6.8.2. TÜBİTAK tarapyndan taýýarlanan Milli
Dolandyryş Sistemasy “PARDUS”’yñ ulanylşy Türkiýe
Respublikasynda bolup bildigiçe ýaýradylmalydyr. Sebäbi
munuñ bähbitlerinden ynama we ekonomikliginden bolsa ýurt içindäki
tehnologiýa ulanylşynyñ ösdürilşine çenli her ugurda dürli
peýdalary bardyr. Türki Döwletler bilen umumy işler edilmeli
we “PARDUS” Milli Dolandyryş Sistemasy Türki Döwletlerde hem
ýaýradylmaly.
6.8.3. Türkiýede söwda bazary manysynda aýratyn
hem kiçi we orta ölçegli senagat içinde has pes bahaly söwda
ýoly we meýdany bolan internet az ulanylýandyr. Bu
ugurda Döwletiñ bahbitlerine uly hyzmat boljak bu ýoly ýaýratmak
üçin goldawlar we bilim berilmeli. İnternet üsti bilen söwda
(e-ticaret) temasynda täze düzedişlere gidilmeli. Aýratyn hem
satyjylara degişli bolan alyjylary hem goraýan barlag tertipleri
ösdürilmeli we hazir bu ugurda kem bolan kararlar täzeden seredilmeli.
6.9. Transport
Ýurdumyzdaky howa hapalygynyñ esasy sebäplerinden biri hem gara
ýollary transport ulgamydyr. Munuñ ýerine gymmat bahasy
bilen birlikde ýerşary gyzgynlygyna hem sebäp bolan kömür turşy
gazy (CO2) hem göz öñünde tutulyp, pes bahaly we tebigata has az zyýanly
bolan aşakdaky transport ulgamalry öñde tutulmalydyr.
6.9.1. Demirýollary transportynyñ ulanylşy artdyrylmaly
we özgerdilemli.
6.9.2. Türkiýe üç tarapy deñiz bolan ýarym ada
şeklindäki ýurt bolmagyna garamazdan deñiz ýollarynda
munuñ ýalak yza galmagy ýöne ýere däldir. Bu sebäp
bilen hem deñiz ýollary transport ulgamy özgerdilmelidir. Deñiz
portlarynyñ hususylaşdyrylmagynyñ öñi alynmaly we söwda we öz bähbitli
deñiz portlary işlenip düzülenden soñ laýyk bolan ýagdaýda
her ýere ýaýradylmalydyr.
6.9.3. Howa ýollary sistemasy täzeden işlenip düzülmeli
we güýçlendirilmeli.
6.9.4. Demir ýollarynyñ ramondy, oñarylşy we gurulmasy
üçin Gara ýollary Baş Müdürliginiñ işi we häkimiýeti
täzeden düzedilmeli.
Ylym we Bilim
Madda 7.
7.1. Milli bilim berilmeli, Mustafa Kemal ATATÜRK we “Kurtuluş
Savaşımız” Milli bilimdäki gerekli ýerini almalydyr. Türk
taryhy täzeden objektiw ýazylmaly we Millilik Bilim
Ministerliginde möhüm ýere getirilmeli.
7.2. Keseki dildäki bilim beriliş goýbolsun edilmeli. Türk
diline has köp üns berilmeli.
7.3. Ähli uniwersitedlerde ekonomiýnyñ we uniwersitediñ
programmalarynda bolup bildigiçe iñ köp sanda Türki Döwletlerden
okuwçy alnyp, olar bilen okuwçyalyş – çalyşy edilmeli. Bu
ýagdaý gitdikçe özgerdilmeli.
7.4. Hökmany okuw 12 ýyla çykarylmalydyr. Ähli
okuwlarda döwrebap düzedişler geçirilmeli we sapalar gözden geçirilip,
döwrebap sapaklar / dersler berilmeli. Peýdasyz we artykmaç
sapaklar programmadan çykarylmalydyr.
7.5. Häzirki uniwersited egzamen sistemasynyñ ýerine
uniwersitede saýlaw egzamenlerinde okuw gutarylşynda okuwçylara
baha bermek bilen bellenilmeli. Bilim Ministerligi okuw deñligini döretmelidir.
Uniwersitedler we fakultedleri Türkiýäniñ ätiýaçlaryna
görä tertiplenmelidir.
7.6. Uniwersitediñ pudaklaryna görä aýry – aýry
7 ýerde bir bölümde jemlenmesi üçin gerek bolan iýdeg
– gözleg işleri başladylmalydyr. Her uniwersitede mugallymlaryñ öz
ugrundaky işleri doly ýetirilmeli we üpjün edilmeldir. Gündogar
Anadoly, Günorta – Gündogar Anadoly, İç Anadoly ýaly
ýerlerde 4 ýyl, Garadeñiz, Marmara, Akdeñiz, Egeý
ýaly ýerlerde 3 ýyl, beýleki ýerlerde
bolsa 1 ýyl uzatma haky berlip, Türkiýede okuw derejesiniñ
deñligi üpjün edilmelidir.
Ýene şol bir ýagdaýda medeniýet Akademiýlary
döredilip, Akademiki derejede Medeniýet okuwynyñ berýän
konserwatorýalar we medeniýet okuwlar bir bölümde
jemlenmeli. Bu akademiýalardan uçurym bolan göreldeli
mugallymlara her ýerde iş taýýarlanmaly we olar
üçin gerek bolan şertler döredilmeli.
7.7. Uniwersitedleriñ labaratorýa kemçilikleriniñ öñi
alynmaly. Uniwersitedlerde taýýarlanan diplom gorag işiniñ
täsiri % 50’niñ üstüne çykmalydyr.
Medeniýet we Turizm
Madda 8.
8.1. Türki Döwletler bilen medeniýet we Turizm ugrunda
bileleşikler döredilemlidir.
8.2. Türk Milli medeniýeti, ynsanlyk medeniýeti,
Anadoly medeniýeti iýdeg – gözleg edilip, goralmaly. Bu
medeniýetleriñ geçmişini örkezýän ýerler basyp
alyjy güýçlere garşy gorap saklanmalydyr.
8.3. Döwletiñ medeniýet guramalarynyñ işleýişi
baradaky sistemanyñ şertleri Milli bähbitlere zyýan bermejek
şekilde täzeden döredilmelidir Döredilen proýektleriñ hili
ösdürlip, medeniýet işgärleriniñ döredijilik güýji
has ýokary derejä çykarmaklary goldanmalydyr.
8.4. Bir Milletiñ kimdigini görkezýän medeniýeti
ýaşatmak we öldürmek we bu ugurlarda döwletiñ hususy şereketleriñ
we uniwersitedleriñ birleşmeleri üçin ähli işler orta goýulmalydyr.
8.5. Turizmde hökmany suratda ylmy maglumatlar ulanylmaly. Şereketler
bu ylmy maglumatlaryñ netijesine görä ugrukdyrylmaly.
Sport
Madda 9.
Ata sportlary we köpçülik sportlaryna aýratyn hem üns
berilmeli we özgerdilmelidir. Bu ugurda täze görnüşleri iýdeg
– gözleg edilip, tapylyp, ulanylşa geçirilmelidir. Şeýlelik
bilen sport az adamlaryñ gatnaşygy däl de, köpçüligiñ gatnaşygy
bolan bir dabaraly ýagdaýa getirilmelidir.
Türkiýede göden gaçan hemme sport görnüşleri goldanmalydyr.
Esasan hem zehin sportlary we terbiýe sportlaryna has köp üns
berilmelidir.
Türki Döwletler bilen umumy sport çäreleri gurnalmalydyr. Aragatnaşyklar
has da özgerdilmelidir.
İKİNJİ BÖLÜM
Goşmaça Ministerlikler we İlçilik
Ýokarda agzalan temalar we görkezilen çözgütler häzirki
zamanada bar bolan Ministerlikleriñ öz içerisinde çözüljekdir. Bu
Ministerliklere degişli bolmaýan, ýöne Milli
bahbitlerimiz üçin has möhüm boljakdygyna ynanýan
ugurlarymyzdaky edilmesi zerur bolan işleri ýerine ýetirmek
üçin “Strateji Bakanlığı” (Strategiki Ministerlik), “Türk
Devletleri Bakanlığı” (Türki Döwletler Ministerligi) we “Su Yönetimi
Müsteşarlığı” (Suw Dolandyrlyşy İlçisi) öñe sürülýändir.
Bu Ministerliklere we ilçilige degişli bolan ugurlar aşakda görkezilendir.
“Srateji Bakanlığı” (Strategiki Ministerlik)
Madda 10.
10.1. Milli bähbitlerimiz üçin ekonomiýa, tebigy çeşmeler,
energetika, tebigat, bilim we tehnologiýanyñ her ugrunda, syýasy,
harby, medeni, köpçülikleýin, ylmy we taryhy ugurlarda elimizdäki
maglumatlara görä gysga, orta we uzyn wagtlaýyn planlar üçin
degişli Ministerlikler bilen bilelikde işleşýän edaralar
gurulmalydyr. Bu Ministerlik ýokarda agzalan ugurlary kiçi göz
bilen seredenimizde Türkiýe has ýokardan bakylanda bolsa,
dünýä üçin ýerine ýetirilmelidir.
10.2. “Strateji Bakanlığı” (Strategiki Ministerligi) 10,
20, 25, 50 ýa da 100 ýyllyk planlar taýýarlamaly.
Uzyn wagtlaýyn Döwlet plan we proýektlerini döredip,
olary ýola goýmaly.
10.3. Daşary işler ugrynda hem gysga – orta – uzyn wagtlaýyn
planlar düzülip, kararlar alynmaly. Alynan kararlar täzeden gözden
geçirilmeli. İñ soñky ädimleriñ hem Türkiýe Respublikasynyñ
Milli bähbitlerine deñ gelýändigi kesgitlenmeli.
10.4. Türki Döwletler bilen agzybirlik döredilmeli. Umumy
planlar düzülip, iñ gysga wagtda ýola goýulmaly.
“Türk Devletleri Bakanlığı” (Türki Döwletler Ministerligi)
Madda 11.
“Şu ugry hem mälim edeýin; men komunist däldirin. Men bir Türk
Milletçisidirin. Men şeýle doğuldum we şeýle de öljekdirin.
Türk birliginiň bir gün hökman hakykat boljagyna ynanjym bardyr.
Men ol ýagdaýy görüp bilmesem hem gözlerimi onuň
arzuwlary bilen ýumjakdyryn... Edil Uhud söweşinde şehit bolan
Saidiň kyssasy ýaly... Pygamberimiziň dostlaryndan biri
bolan Said, Uhud söweşinde şehit bolup ölüm düşeginde ýatan
halatynda başujunda duranlara şeýle diýipdir: “Gidiň!...
Pygambere şeýle diýiň, men onuň şehitlere buşlan
behişdini görýärin we häzir ol ýere gitmäge taýýarlanýaryn!”
Said musulmanlyga şunuň ýaly ynanypdy. Men hem TÜRK BİRLİGİNE
mundan artyk ynanýaryn. Ony görýärin. Ertiriň
taryhy, täze sahypalaryny TÜRK BİRLİGİ bilen açjakdyr. Dünýä
agzybirligi we asudalygy bu sahypalaryň arasyndan tapjakdyr. Mahmut
Kaşgarynyñ “Diwani Lügat et-Türk” atly eserinde aýdyşy
ýaly: “Tañry; Türkleri, adamzat bet pällerinden we erbet niýetlerinden
halas bolsun diýip ýaratdy”.
Mustafa Kemal ATATÜRK
Türki Döwletler bilen Türkiýe Respublikasynyñ ähli aragatnaşygyny
bu Ministerlik ýöretmeli. Her Döwletiñ bu ugra degişli
Ministerlikleri umumy planlar düzmeli. Bu maksat bilen hem;
12.2. Gyrgyzystanyñ “Yssyk Köl” atly ýeriniñ
merkezi welaýaty bolan Karakolda Türki Döwletleriniñ umumy
mejlisini döretme işleri başladylmalydyr. Bu mejlise her bir Türki Döletden
ilçiler gatnaşmalydyr. Bu ýerde ekonomiki, syýasy, harby,
medeni we ylmy meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, umumy bir çözgüt
taýýarlanmalydyr.
11.2. Bu Ministerliklere degişli bolan “Türk Toplulukları
Sorunları Genel Müdürlüğü” we “Türk Azınlık Genel Müdürlüğü”
ýaly Müdürlikler hem döredilmelidir.
“Su Yönetimi Müsteşarlığı” (Suw Dolandyrlyşy İlçisi)
Madda 12.
Döwlet Suw İşleri Baş Müdürliginiñ – tok öndürýän
ýerleri Energetika we Tebigy çeşmeler Ministerligine degişli
galdyrlyp – işgärleri bilen bilelikde “Su Yönetimi Müsteşarlığı”
(Suw Dolandyrlyşy İlçisi)’na baglanmasy we edýän işleri göz
öñünde tutulmalydyr. Suw dolandyrjylygy bilen baglanşykly hemme
kararlar ýola goýulmaly we wagtynda gijikdirilmeli däldir.
Ýalñyşlyklara berilýän jezalar täzeden gözden geçirilip,
has hem agyrlaşdyrylmalydyr. Öñden galan jezalar hem goýbolsun
edilmän ýerine ýetirilmelidir. “Su Yönetimi Müsteşarlığı”
(Suw Dolandyrlyşy İlçisi)’niñ hemme ýöredýän işleri
ähli ýurtda kompýuter ulgamynyñ üsti bilen
yzarlanmalydyr. Munuñ ýanynda;
12.1. Suwlamak üçin ulanylýan suwy has dykgatly ulanmak
üçin täze ýollar we tehnikalar döredilmeli we ýaýradylmaly.
“Suwlama politikalary” ady bilen kanuny kararlar alnyp, olar hökmany
suratda ýerine ýetirilmeli. Häzirki işleýän
sistema täze ýollar bilen garşylaşdyrlyp, gerek bolsa düzedişler
girizilmeli.
12.2. Häzirki Stansiýlaryñ ömürleri uzadylmaly. Gurulýan
ýa da gurulmagy planlanýan proýektleriñ geçmişe
bagly bolan planlary gözden geçirilip, peýdaly ýa da zyýalydygyna
seredilip, şoña görä de gurulmagy üçin täze karar alymaly. Orta
we uzyn wagtlaýyn gurulan Stansiýalardaky işleriñ, gidro
elektrik Stansiýalarynyñ ýerine ýerine ulanylyp
bilinjegi barlanmaly.
12.3. Şaherlerde we obalarda ulanylýan suwlaryñ täzeden
ulanylşy ýola goýulmaly.
12.4. Ýera asty we ýer üsti suwlaryñ kirlenmesine
sebäp boýlan himiki dökünleriñ hem öñüni almak üçin täze
kararlar alynmaly.
12.5. Suw temasyna üns berýän halk bolmalydyrys. Bu iş
ilki bilen dogry bilim politikasyna baglydyr. Oba – hojalygy pudagy
hem degişli edilip, halkyñ her bölüminde suwy has ünsli ulanmak
üçin taýýarlanan okuw politikasy ýola goýulmaly.
Okuw plany bu mühüm işi göz öñünde tutup taýýarlanmaly.
Şeýlelikde halkyñ hemme zatdan dogry we takyk habardar edilmegi
netijesinde STK’laryñ hem goşandy bilen has möhüm çäreler döredilmelidir.
Keseki güýçleriñ STK’lary halkyñ bähbitrlerine ters
kararlar almalarynyñ öñüni almalydyrys.
|